Halkymyzyň hemrasy

2 Iýun 2021
857

Ýurdumyzda köpçülikleýin welosiped ýörişleri yzygiderli geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şeýle çäreler ilatyň saglygyny berkitmäge, ekologiýa abadançylygynyň derejesini ýokarlandyrmaga we welosiped sportuny wagyz etmäge ýardam berýär. Häzirki wagtda welosiped sporty ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyna we adamyň saglygyny berkitmäge ýardam berýän sportuň meşhur görnüşleriniň biridir. Daşky gurşawy goramak we gözel tebigatymyzy aýawly saklamak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler hem-de welosiped ýaly ekologiýa taýdan arassa ulagy peýdalanmagyň artykmaçlygy adamlaryň işjeň dynç almagy üçin döredilýän mümkinçilikleriň aýdyň subutnamasydyr. Çünki sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde welosiped sportunyň hyzmaty örän uludyr.

Adamzat indi iki asyrdan gowrak wagt bäri ekologiýa taýdan arassa, hereketlendirmesi ýönekeý, howpsuzlyk taýdan ygtybarly welosipedi ulag serişdesi hökmünde peýdalanýar. Welosiped häzirki wagtda tutuş dünýäde iň ýörgünli ulag serişdesine öwrüldi. Awtomobiliň welosipede çalşylmagy daş-töwerege ýaýraýan zyýanly gazlaryň derejesini peseltmäge kömek edýär. Ynsan saglygy, ekologiýanyň arassalygy üçin hem iňňän ähmiýetli bu ulagyň biziň ýurdumyzda sanynyň köpelmegi, ýaşlaryň arasynda welosipede bolan höwesiň artmagy onuň meşhurlygyny barha ýokarlandyrýar. Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen sportuň bu görnüşiniň dünýä derejesinde meşhurlyga eýe bolmagy biziň ýurdumyzda sportuň halkara derejesinde abraýynyň ýokarlanýandygynyň subutnamasydyr. Sport — munuň özi täze belentliklere tarap okgunlylygyň beýanydyr.

Maral MYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 134-nji orta mekdebiň müdiri.
Beýleki habarlar