Türkmenistan — Özbegistan: netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi

28 Maý 2021
1186

26-njy maýda hormatly Prezidentimiz ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri A.Kamilowy kabul etdi

Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin milli Liderimize hoşallygyny beýan edip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň tüýs ýürekden salamyny ýetirdi. Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mäkäm binýadynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi.

"Nesil".
Beýleki habarlar