Arzyly ýaryşyň ýeňijisi

27 Maý 2021
1004

Hepdäniň çarşenbe güni Polşanyň Gdansk şäherinde abraýly futbol ýaryşlarynyň biri bolan Ýewropa Ligasynyň final oýny geçirildi. Aýgytlaýjy ýaryşda Ispaniýanyň «Wilýarreal» topary bilen Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» topary duşuşdy.

Gyzykly hem çekeleşikli geçen duşuşykda ispanlaryň topary ilki bolup hasaby açdy. Oýnuň 29-njy minutynda Žerar Moreno tapawutlandy. Duşuşygyň 55-nji minutynda «Mançester Ýunaýted» toparynyň urugwaýly hüjümçisi Edinson Kawani hasaby deňlemegi başardy. Bu deň hasap duşuşygyň esasy wagtyna çenli saklanyp galdy. Goşmaça berlen wagtda hem hasap üýtgemänsoň, emin ýeňijini belli etmek üçin oýundan soňky jerime urgularyny yglan etdi.

Taýýarlan Muhammetsapa MUHAMMETMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar