Türkmen-özbek gatnaşyklary ösdürilýär

27 Maý 2021
1005

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri A.Kamilowy kabul etdi.

Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň tüýs ýürekden salamyny hem-de şanly wakalar, şol sanda türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygy, Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabat şäherine we milletiň ruhy gymmatlyklaryna bagyşlanan kitaplarynyň neşir edilmegi mynasybetli iň gowy arzuwlaryny we gutlaglaryny ýetirdi.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar