Doganlygyň belent güýji

22 Maý 2021
1281

Türkmen toý tutanda, ilki ýakyn dostlaryna çakylyk ýollaýar. Ýakyn dostlar toýuň ilkinji myhmanlarydyr. Ak şäherimiz Aşgabadyň şanyna tutulýan toý hem dostlar, doganlar bilen başlady. 20-nji maýda Aşgabadyň dostlaşan we doganlaşan şäherleriniň ýolbaşçylary bilen geçirilen halkara wideomaslahat bu aýdanlarymyzyň mysalydyr.

Kabul (Owganystan Yslam Respublikasy), Baku (Azerbaýjan Respublikasy), Albukerke (Amerikanyň Birleşen Ştatlary), Pekin we Lançžou (Hytaý Halk Respublikasy), Tendo (Ýaponiýa), Ankara we Stambul (Türkiýe Respublikasy), Daşkent (Özbegistan Respublikasy), Nur-Sultan (Gazagystan Respublikasy), Bişkek (Gyrgyz Respublikasy), Moskwa we Sankt-Peterburg, Astrahan (Russiýa Federasiýasy), Wena (Awstriýa Respublikasy), Kişinýow (Moldowa Respublikasy), Ýerewan (Ermenistan Respublikasy) — bular Aşgabadyň dostlaşan we doganlaşan şäherleri. Ady Ginnesiň rekordlar kitabyna 11 gezek girizilen türkmen paýtagty özüniň 140 ýyllyk toýunyň dabaralaryny şol gün dostlary, doganlary bilen tutdy.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar