Däp bolan gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

19 Maý 2021
1048

17-nji maýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň we ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda gepleşikler geçirildi. Giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikleriň barşynda ýakyn we uzak geljegi nazarlaýan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

«Oguz han» köşkler toplumynda döwlet Baştutanymyz Tatarystanyň Baştutanyna öz adyndan we Türkmenistanyň ähli halkynyň adyndan Kazan şäheriniň 175-nji mekdebinde bolup geçen we köp sanly adam pidalaryna, heläkçilige sebäp bolan pajygaly waka zerarly çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini aýtdy. Prezident Rustam Minnihanow mähirli kabul edilendigi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine hemişe üns berýändigi, medet beriji sözleri, şu agyr pursatda bildiren duýgudaşlygy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.

"Nesil".
Beýleki habarlar