Dostlukly hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

19 Maý 2021
1060

17-nji maýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda gepleşikler geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Tatarystanyň Baştutanyny «Oguz han» köşkler toplumynda mähirli garşylady.

Hormatly Prezidentimiz we belent mertebeli myhman birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, ýadygärlik surata düşdüler. Soňra Prezidentler ikiçäk duşuşyk geçirdiler. Onuň barşynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi hem-de türkmen-tatar gatnaşyklarynyň umumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

«Watan».
Beýleki habarlar