Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösüşi

14 Maý 2021
1105

Goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, geljegi uly ugurlarda strategik hyzmatdaşlygy barha ösdürmek milli Liderimiziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen çuňňur oýlanyşykly we öňdengörüjilikli syýasatynyň özenini düzýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 12-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etmegi hem dostlukly türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ösüş ýolundadygyny şöhlelendirdi.

Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny hem-de azerbaýjan tarapynyň däbe öwrülen hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi baradaky sözlerini ýetirdi.

«Watan».
Beýleki habarlar