Ýurdumyzyň nebitgaz ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum

13 Maý 2021
1284

AŞGABAT, 12-nji maý (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça bu forum “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan geçirildi.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygyna beslenýän şu ýylda energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen ýöriteleşdirilen forum diňe bir däp bolan görnüşde däl, eýsem, dünýäniň onlarça ýurtlary bilen teleköpri görnüşinde hem geçirilýär.

Beýleki habarlar