Dostlukdan nyşan

3 Maý 2021
1087

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti zehininden, pähim-paýhasyndan döreýän her bir eser diňe bir ýurdumyzyň raýatlarynda däl, eýsem, dünýäniň köp ýurtlarynyň millionlarça okyjylarynda uly gyzyklanma döredýär. Milli Liderimiziň ajaýyp eserleriniň köpüsi eýýäm ençeme dillere terjime edildi.

Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň özbek dilinde çapdan çykmagy Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň täze alamaty boldy. Bu neşir iki goňşy halky birleşdirýän, asyrlaryň dowamynda taryhy we medeni taýdan ýola goýlan özara hoşniýetli erke esaslanan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar