Türkmenistan — Gazagystan: döwletara gatnaşyklara täze itergi

30 Aprel 2021
1142

28-nji aprelde hormatly Prezidentimiz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Goňşy döwletiň Baştutany söhbetdeşligiň başynda milli Liderimize öwezini dolup bolmajak ýitgi — kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly özüniň çuňňur duýgudaşlygyny ýene-de bir gezek beýan etdi, ähli gazagystanlylaryň tüýs ýürekden gynanjyny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz duýgudaşlyk sözleri üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlyk bildirip, Gazagystanyň halkynyň, onuň Lideriniň şu kyn günlerde çuňňur hasraty paýlaşýandygyna hormat goýýandygyny nygtady.

"Nesil".
Beýleki habarlar