Türkmenistan — Täjigistan: geljegi uly ugurlar giňeldilýär

30 Aprel 2021
1288

28-nji aprelde milli Liderimiz bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany döwlet Baştutanymyza kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly çuňňur duýgudaşlygyny ýene-de bir gezek beýan etdi, täjik halkynyň tüýs ýürekden gynanjyny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz şu kyn günlerde aýdan goldaw sözleri üçin Prezident Emomali Rahmona minnetdarlyk bildirip, deňlik, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň okgunly häsiýetini nygtady.

"Nesil".
Beýleki habarlar