Türkmenistan — Türkiýe: dostlukly hyzmatdaşlyk

30 Aprel 2021
1348

28-nji aprelde döwlet Baştutanymyzyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek gynanç sözlerini beýan etdi. Prezident Rejep Taýyp Ärdogana duýgudaşlyk sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz Türkiýäniň agyr ýitgi zerarly ýürek ýarasyny we hasrat-gaýgyny paýlaşmagyna ýokary baha berýändigini, hormat goýýandygyny belledi.

"Nesil".
Beýleki habarlar