Parlamentara hyzmatdaşlykda möhüm ädim

30 Aprel 2021
1097

Bu günki gün dünýä döwletleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyz dürli ugurlarda uly ösüşlere eýe bolýar. Dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamak, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň 73-nji mejlisinde ähli agza döwletleriň goldamagynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Munuň özi Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginiň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigini, diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm ornunyň bardygyny tassyklaýar.

Merdan TUWAKOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar