Ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk

29 Aprel 2021
1139

Geçen çarşenbe güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideomaslahat görnüşinde «ARETI» (Şweýsariýa) halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow, «King&Spalding» hukuk kompaniýasynyň baş direktory hem-de hyzmatdaşy Endrýu Hruska, «Rizvi Traverse Management LLC» kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we baş maýa goýum direktory Suhail Rizwi, «Legacy» maliýe kompaniýasynyň baş direktory, «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň prezidentiniň geňeşçisi Ýewgeniý Frenkel bilen duşuşyk geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändikleri üçin işewürlere minnetdarlyk bildirdi.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar