Türkmenistan — Russiýa: netijeli hyzmatdaşlyk

28 Aprel 2021
1098

26-njy aprelde döwlet Baştutanymyzyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Dostlukly ýurduň Prezidenti rus tarapynyň ýokary wezipeli türkmen wekiliýetiniň 29-30-njy aprelde Kazan şäherinde geçiriljek Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagyna ýokary baha berýändigini belledi. Çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz forumyň işine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wise-premýeriniň derejesinde ýokary wezipeli wekiliýetiň iberiljekdigini aýtdy. Şeýle hem RF-niň Baştutany koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde hyzmatdaşlygyň we özara goldawyň oňyn häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň Astrahana iberen ynsanperwer ýüki üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi.

"Nesil".
Beýleki habarlar