Haly-palas törde ýagşy

15 Mart 2021
1550

Dünýä meşhur türkmen dokmaçylygy öz inçeligi bilen asyrlar boýy tanalyp gelinýän sungatdyr. On barmagyndan dür dökülýän türkmen zenanlary gaýtalanmajak el hünärleri bilen haly, palas önümlerini, owadan gülli keçeleri, nepis nagyşlary döredipdirler. Türkmen öýlerini halysyz, palassyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ene-mamalarymyz sebit aýratynlyklary boýunça sütüksiz halylary «palas», «kilim» diýip, dürlüçe atlandyrypdyrlar. Kilim öz ölçegi we göl aýratynlygy bilen birneme tapawutlanýar. Uly ölçegde we dürli göller salnyp dokalýan owadan palaslar durmuşa çykýan gyzlara dokuzynyň (toý sepiniň) biri hem bolup hyzmat edipdir. Düşek üçin niýetlenip dokalýan kilim bolsa ölçeginiň kiçiligi, gölüniň ýeňildigi, ýüpleriniň (çig malynyň) ýogynlygy bilen palasdan tapawutlanýar.

Palas hem edil haly ýaly guramada dokalýar. Haly dokalanda, baslyk kakylýar, emma palas dokalanda, baslyk kakylman, oňa darak bilen siňňitli argaç kakylýar. Palasa il içinde «nagşaşak» hem diýilýär. Sebäbi palasyň ýüpleri öýdelýän ýüzünde seçek ýaly bolup durup, nagşy aşak ýüzünde bolýar, ýagny palasyň düzüw ýüzi aşak, seçekli ýüzi ýokary edilip dokalýar. Şonuň üçin palas dokamak haly dokamakdan hem kyn hasaplanylýar.

Güljemal AŞYROWA,
Türkmenbaşy şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň baş gazna saklaýjysy.
Beýleki habarlar