Dürli ýyllaryň depderlerinden

11 Mart 2021
1539

Şahyrlar Gara Seýitliýew, Gurbannazar Ezizow dagy bolup, öýde goşgy okaşyp otyrdyk. Gapymyzdan bir ýaş şahyr girdi. Esli salym diňläp oturdy-da, ol hem goşgy okamaga isleg bildirdi. Goşgularynyň hiç hili täsir döretmändigini aňdymy, nätdimi, gedemlik bilen ýüzümize seretdi:

— Siziň üçiňizem goşgy okamagyň ussady. Şonuň üçinem goşgularyňyz has oňat ýaly görünýär. Men... öz goşgularymy okamagy başaramok.

Beýleki habarlar