Ussat tüýdükçidi, talapkär halypady

10 Mart 2021
1191

Amyderýanyň kenaryndaky obalarda kemala gelen, ýaşlygyndan ykbalyny türkmen aýdym-sazlaryna baglap, kesp-käri bilen il arasynda adygan zehinli bagşylar köp. Olaryň dürli döwürlerde käbir sebäplere görä, goňşy welaýatlara göçüp gidenleri hem bar. Ärsary bagşy ussa Batyr ogly, Ýoldaş bagşy, Çary jyga şeýle bagşylardyr. Olar Mary welaýatyna göçüp, şol ýerde kesp-kärini dowam etdiripdiler.

XIX asyrda Hojambaz etrabynda doglup önüp-ösen Ärsary atly bagşylaryň ikisiniň hem il arasyndaky abraýy belent bolupdyr. Ilkinjisiniň hakyky ady Seýit bolupdyr. Beşirli bu dutarçy bagşy Kerkide ýaşap geçen Kyrkar bagşynyň atasy Durdy bagşynyň halypasydyr. Ikinjisi, Ärsary bagşy ussa Batyr ogludyr. Onuň etrabyň haýsy obasynda ýaşap geçendigi henize çenli bize mälim däl. Rus sazşynaslary W.Uspenskiý bilen W.Belýaýew «Türkmen sazy» atly kitabynyň ikinji jiltindäki türkmen sazandalarynyň sanawynda bu bagşy hakynda «Ärsary ussa Batyr ogly, tüýdükçi. (1840-1895). Merwde aradan çykan» diýen setirler bar.

Ören ATAKOW,
Türkmenistanyň at gazanan bagşysy.
Beýleki habarlar