Milli terbiýe — mukaddes ýörelge

9 Mart 2021
979

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň terbiýesine, olaryň ylym-bilimli bolup ýetişmeklerine aýratyn üns berilýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň sagdyn, kämil, giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Şonuň üçin hem häzirki wagtda ýaş nesillere berilýän bilim milli ýörelgelerden ugur alyp, döwrüň iň täze ugurlaryny, usulyýetini hem gurşap alýar. Şonuň üçin hem mugallymlar bilim-terbiýe bermekde döredijilikli işleýärler.

Türkmen halkynyň gözbaşyny taryhyň irki döwürlerinden alyp gaýdýan milli medeniýeti, asylly ýörelgesi bar. Özi hem şeýle ýörelgeleriň milli terbiýede hem şöhlelenmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şeýle asylly ýörelgeleri çuňňur öwrenmekde hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary ýakyn gollanma bolýar. Bu ajaýyp kitaplarda taryhy maglumatlar bilen bir hatarda türkmen halkynyň döreden rowaýatlary, akyldarlarymyz hakyndaky gymmatly çeşmeler aýdyň beýan edilýär. Munuň özi hem biziň üçin uly hazynadyr, ylym-bilimiň egsilmez çeşmesidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabynda hem edep-terbiýäniň ähmiýeti beýan edilýär: «Watana, il-güne wepaly perzentleri terbiýeläp ýetişdirmekde atalaryň pendi her bir döwrüň durmuş we terbiýeçilik ulgamyna ornaşýar. Şonuň üçinem olar biziň üçin hemişe edil şu wagtyň özünde aýdylan ýalydyr».

Şirin GURBANGELDIÝEWA,
Bereket etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar