Halkymyzyň müdimi gymmatlyklary

24 Fewral 2021
995

Pederlerimizden miras galan milli baýlyklarymyz halkymyzyň geçmişinden, şan-şöhratyndan habar berýär. Olar türkmen taryhynyň çeper beýany bolmak bilen, indi ençeme asyrlardan bäri halkymyzyň milli buýsanjy hökmünde şöhlelenýär. Milli medeniýetimiziň maddy we ruhy baýlyklarynyň biziň günlerimize gelip ýetmeginde sungat ussatlarynyň hyzmaty diýseň uludyr. Olar elmydama milli gymmatlyklarymyzy baýlaşdyrmagyň, üstüni ýetirmegiň we nesillere miras galdyrmagyň aladasyny edipdirler. Bu nusga alarlyk göreldäni häzirki wagtda üstünlikli dowam etdirmek bolsa biziň paýymyza düşýär. Millilige ýugrulan maddy-ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmek, dünýä ýaýmak, olara halkara ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek, ýaşlary millilik ruhunda terbiýelemek biziň esasy işlerimiziň biridir.

Welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän Astanababa, Alamberdar ýadygärlikleri, Daýahatyn kerwensaraýy, Idris baba medresesi, Amul, Osty, Ödeý galalary gündogar sebitiň milli medeniýetiň ösen ojaklary bolandygyny görkezýär. Olaryň gurluş, binagärlik aýratynlyklary bolsa hemmeleriň ünsüni özüne çekýär.

Ogulnabat AKMYRADOWA,
Dänew etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.
Beýleki habarlar