Helise

24 Fewral 2021
1183

Jeýhunyň boýlary — rowaýatlara baý mekan. Bu jelegaýlara ýoly düşen myhmanlar gören-eşidenlerini ýatdan çykarman, taryp edýärler. Ýakynda Daşoguz welaýatyndan okyjylarymyzyň biri Lebapda helise atly nahary dadandygyny aýdyp, «Çeşmeler» sahypamyzda şu barada söhbet etmegimizi haýyş etdi. Okyjymyzyň haýyşyny göz öňünde tutup, helise bilen baglanyşykly maglumatlary size ýetirmegi makul bildik.

Irki zamanlarda Amyderýanyň çep kenaryndan sag kenara barýan ýolagçylaryň gaýygy heläkçilige uçraýar. Ýüzüp, kenara çykanlary ýerli ýaşaýjylar öýlerine myhman alýarlar we üýşüp, helise (halk arasynda helese diýlip hem atlandyrylýar) tagamyny taýýarlaýarlar. Bu tagamyň ady aslynda «birleşmek, ýardamlaşmak» diýen manyny aňladypdyr. Şondan soň adamlar helise bişirip, doga-dileg etseler, bela-beterleriň sowlup geçjekdigine tüýs ýürekden ynanypdyrlar. Şonuň üçinem bu däp nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize çenli dowam edip gelýär.

Mahym ROZYÝEWA.
Beýleki habarlar