Türkmen saçagynyň mukaddesligi

24 Fewral 2021
1469

Türkmen halkynyň milli aýratynlyklarynda gyz-gelinleriň el hünärinden dörän önümler uly orun tutýar. Olaryň biri-de düýe ýüňünden dokalan milli saçagymyzdyr. Türkmen milleti saçagyny keramat bilip, ony hemişe mukaddeslik derejesine göteripdir. Saçak maşgalanyň agzybirliginiň nyşany, maşgala haýsy işde, haýsy ýerde bolsa-da, saçagyň başynda agzybir bolup jemlenýär. Türkmen zenanynyň golunyň hünärinden dörän saçak diňe bir gadymy sungat bolman, keramat hasaplanylýar. Ony eliňi ýuwman ellemek, basmak ýa-da ötülip-geçilip duran ýerde goýmak külli günä hasaplanylýar. Gudaçylyga gidilende hem saçagy hormatlanýan, ýaşy uly aýallara açdyrypdyrlar. Olar bolsa «Bismilla» diýip, maňlaýlaryna sylyp açypdyrlar.

Saçagy dokanlarynda gelin-gyzlarymyz ilki ýüňi arassalap, tüýdüp, soňra darap, egrip, bükdürip, ýumak edipdirler. Soňra taýýar bolan düýe ýüňüniň ýumagyndan saçak dokapdyrlar. Ýüp näçe inçe, berk, gowy hilli egrilip, bükdürilen bolsa, saçagam şonça berk hem nepis bolupdyr. Dokalan zolak-zolak insizje bölekler inçe düýe ýüň sapagy bilen çatylyp, berkidilipdir. Gerek ululykdaky saçagyň dört burçuny deňänsoňlar, gyrasyna ýörite dokalan ýüp, alaja tutupdyrlar, saçagy degişli bezegler bilen bezäpdirler. Taýýar bolan saçagyň iç ýüzüne içlik tutulyp ulanylýar. Saçak milliligimiziň ajaýyp nusgalarynyň biri bolup, häzirem biziň durmuşymyza berk ornaşdy. Toýlarymyzyň bezegi bolan saçagyň her bir öýüň töründe keramat derejesinde orny bar.

Gözel KÖPIKLIÝEWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar