Pir-ussatlar goldaw berer her işde

24 Fewral 2021
4840

Keremli türkmen topragynyň taryhyň dürli döwürlerinde ösen medeniýetleriň ojagyna öwrülmegi, bu toprakda ekerançylygyň we maldarçylygyň, senetçiligiň dürli görnüşiniň, ylym-bilimiň, medeniýetiň we sungatyň ösmegi halkymyzyň ruhy dünýäsiniň näderejede gözeldigini, zehin akabasynyň hem çuňdugyny açyp görkezýär. Halkymyzyň arasynda her bir kesbiň başyny tutup, kämil derejä ýetiren pir-ussatlaryň zehin-başarnygy bilen bagly milli ýol-ýörelgeler, asylly däp-dessurlar asyrlardan-asyrlara aşyp, nesillerden-nesillere geçip gelýär. Biz olaryň birnäçesi barada söz açmagy makul bildik.

Türkmen halkynda dal bedewleriň piri Düldül ata hasaplanylypdyr. Bu pygamberiň ady hem-de Hezreti Alynyň Düldül atynyň ady bilen baglanyşykly. Gadymy ýörelgelere uýan halkymyz dal bedewleri seýislemeklige girişenlerinde, Düldül atadan medet isläpdirler. Şonda işleriniň şowly boljakdygyna ynanypdyrlar. At çapyşyklarda, ýaryşlarda hem Düldül atanyň ady bilen tutan tutumlary şowly bolupdyr.
* * *
Ähli öý haýwanlarynyň hem piri bolupdyr. Göwender baba geçiniň piri hasaplanylýar. Biziň ülkämizde gadymy döwürlerden bäri maldarçylygyň has ösendigi üçin geçmişde süri-süri mally çopanlar, baýlar bolupdyr. Şunuň bilen bagly halk arasynda «Düýeli baý — dünýäli baý», «Sygyrly baý — saldamly baý», «Goýunly baý — goýy baý», «Geçili baý — kiçi baý» diýen nakyllar hem döräpdir.
* * *
Zeňňi baba — sygryň piri. Padymanlar Zeňňi babanyň adyny dilinden düşürmeýärler. Sygryň sagat, süýtli bolmagy, süýdüniň ýagly bolmagy, süýdüni çekmezligi hakda mydam alada eden halkymyz Zeňňi babadan goldaw isläp, onuň ruhuna ýüzlenipdir.
* * *
Pälwan ata Ödemämmet towugyň piri hasaplanylýar. Towuk köpeltjek bolsalar, onuň kesellemezligi üçin Pälwan ata Ödemämmediň ruhuna ýüzlenipdirler.
* * *
Süleýman pygamber — suwuň piri. Beýik Magtymguly Pyragy: «Ýele, suwa hökmi ýörgen Süleýman» diýip, Süleýman pygamberiň köp zatlara güýji ýetendigini ýatlaýar.
* * *
Sümsük-Sümek baba — gyrkymyň piri. Ata-babalarymyz maldarçylyk bilen meşgullanansoň, gyrkym işleri örän gyzgalaňly geçirilipdir. Iň ilkinji ökde gyrkymçy hem Sümsük-Sümek baba bolupdyr. Sümek hem ýüňden daralyp taýýarlanylýar. Bu at ýörite sümek edilýänligi bilen baglanyşyklydyr.
* * *
Ysmaýyl goja — noýbadyr mäşiň piri. Türkmen halky ekerançylykda däneli ösümliklere uly orun berýär. Her ekiniň hem özüniň başlangyjyny başlan adamlar bolýar. Şolara pir hökmünde hormat-sylag bilen garalypdyr. Her bir ekiniň piri çagyrylsa, hasylyň bitginli boljakdygyna ynanylypdyr.
* * *
Ýalaňaç baba — borýadyr gamyş kepbäniň piri. Şu zatlary ilkinji oýlap tapan Ýalaňaç baba hasaplanylýar. Ýazlaga gidenlerinde, malyň yzyna düşüp, sonarlyk ýerlere göçüpdirler. Şonda borýa, gamyş kepbe zerur bolupdyr. Şony ilkinji oýlap tapan ussatlar hem pir hasaplanylypdyr.

Bagtyýar HAKNAZAROW,
Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar