Ýanama bagşynyň ýardamçysy

24 Fewral 2021
1408

Türkmen nusgawy edebiýatynyň eserlerinde, şadessanlarda, sazşynaslaryň, folklorçylaryň ylmy işlerinde we köpsanly syýahatçylaryň ýol ýazgylarynda ata-babalarymyzyň ulanan saz gurallary barada gymmatly maglumatlar bar. Bu saz gurallary uzak taryhy döwrüň içinde dürli görnüşlere we atlara eýe bolupdyrlar. Olardan gyjak saz guraly biziň durmuşymyza has berk ornaşypdyr.

Türkmenlerde 3 kirişli gyjak, takmynan XVIII asyryň ikinji ýarymynda ýüze çykypdyr. Tut agajyndan ýasalan gyjagyň sesi owadan we owazly bolýar. Gyjagyň kädisiniň ýüzüne keýigiň ýa-da balygyň hamyny çekipdirler.

Marýamjan AWEZOWA,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar