Gadymy mirasyň dürler hazynasy

21 Fewral 2021
1066

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän şöhratly taryhy bar. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplarynda halkymyzyň gadymdan gelýän medeniýeti, şöhratly taryhy giňişleýin beýan edilýär. Hut şonuň üçin hem milli gymmatlyklarymyzy ylmy esasda öwrenmekde hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary nusgalyk gollanma bolup durýar.

Orta asyrlarda türkmenleriň beýik işleri durmuşa geçirmegi esasynda Gündogar halklaryna, ylaýta-da taryhçylara, dilçilere türkmen dilini, medeniýetini öwrenmäge itergi bolupdyr. Şeýle zerurlyk bilen ýazylan eserleriň hataryna Mahmyt Kaşgarlynyň XI asyrda ýazan “Diwany-lugat at-türk” atly sözlügini goşup bolar. Gurluşy we häsiýeti boýunça bu esere dilçi alymlar türki halklaryň şol döwürde ulanan dilleri, nakyllary, aýtgylary, mahlasy, medeniýeti, edim-gylymy hakynda giňişleýin maglumat berýändigi sebäpli muňa ensiklopedik sözlük hem diýýärler.

Aman NURAÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar