Görkezip zenan näzlerini, nepisdir gelin ýaşmagy

19 Fewral 2021
2883

Ýaşmak! Bu sözi agzanyňda, türkmen zenanlarynyň edep-ekramy, uz ýaşynýan asylzadalygy, milli keşbi göz öňüňe gelýär. Ýaşmak hakynda pikir edeniňde, türkmen zenanlarynyň özboluşly asylly häsiýeti ýadyňa düşýär. Aslynda, taryhy çeşmelerde türkmen zenanlarynyň ýüzüniň açyk bolandygy barada nygtalsa-da, olaryň tebigy keşbinde utanç-haýa, asylzadalyk bar. Şol keşbiň zenanlaryň tebigatyna siňendigini durmuş hakykatynda käbir hereketlerden hem görüp bolýar. Muňa mysal edip, ulugyzyň utananda ýüzüni tutup gürlemeginiň ýa-da kähalatda gyz-gelinleriň iki barmagy bilen agyzlaryny çalaja tutup gürlemeginiň genetikadan (nesil yzarlamadan) gelip çykan häsiýetdigini alymlar nygtaýarlar. Geliň, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň «Uýat eýleýir» şygryndan şu setirleri mysal getireliň:

Meňli hanym golun dişläp,

Oguljemal ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.
Beýleki habarlar