Şöhratly taryhymyzyň gymmatlyklary

3 Fewral 2021
1274

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmek, aýawly saklamak, dünýä ýaýmak boýunça maksada gönükdirilen işler üstünlikli dowam etdirilýär. Medeniýet, ylym-bilim ulgamlarynda hem-de taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak babatda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen köpýyllyk ikitaraplaýyn özara gatnaşyklar alnyp barylýar. Ýurdumyz 1993-nji ýyldan bäri bu iri guramanyň doly hukukly agzasydyr. Döwletimiziň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň düzümi hem-de düzgünnamasy tassyklanyldy we 2-nji noýabrda şol toparyň birinji mejlisi geçirildi. Onda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki Hereketler Meýilnamasynyň hem-de Dünýäniň medeni mirasynyň sanawyna girizmäge ýurdumyzyň öňe sürýän täze teklipleriniň taslamalaryna garaldy.

Häzirki wagtda ak mermerli paýtagtymyz özboluşly ajaýyp binagärligi bilen halkara derejesinde mynasyp orun alýar. Türkmen milliligine mahsus binagärçilik desgalary, ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleri jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär.

Ýazgeldi ÇARYÝEW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy.
Beýleki habarlar