Göwnüm bilen ikiçäk

1 Fewral 2021
1110

Aslynda, bu ýana bu golaýda ýolum düşmändir. Gatnaw bolany hem unudylana çalymdaş saýgarar-saýgarmaz ýodajygy yzarlap geldim. Daşyndan göräýmäge, hut şarňyldap duran köşkpisint jaýyň düşäýen halyny... Gapyny kakyp, esli wagt durdum. Soň ýene... ahyry soňky umydym diýenimde, gapyny bir ýaşuly zenan açdy. Gözlerime ynanman, geň galdym. Çünki göz öňüne getirýän, garaşýan sypatym bu däldi. Ýüzüme öýkeli hem içgin nazarlary bilen baka-baka meni içeri saldy. Giň otagyň içinde sowuk ýel öwüsýärdi. Bir burçunda bolsa ejem aýtmyşlaýyn, «jynyň yşygy ýaly» ne ýanandan, ne-de sönenden bolup ot ýanýardy. Garaz, uzyn gepiň keltesi, doganym pahyryň diýşi ýaly, bu ýer, bu zenanyň sypaty, hakyt, «pozulan gurjak ýalydy». Birsalym gözügidijilik bilen däl-de, aňkasy aşgynlyk bilen bu ýeri synlanymdan soň, dymyşlygy hälki zenan bozdy.

— Seni haýsy güýç-gudrat getirdi?

Nurşat NARLYÝEWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar