Dost-doganlygyň ýurdy

1 gün öň
4

Berkarar Diýarymyz tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýelik etmek bilen, diwersifikasiýanyň, dünýä bazarlaryna energiýa serişdelerini ibermegiň köpasyrlaýyn ulgamyny döretmek arkaly, mawy ýangyjy eksport etmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýar. «Galkynyş» ýatagyndan gözbaş alýan TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi, sebitde öňde duran meseleleri çözmek bilen birlikde, parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmäge hem uly ýardam eder.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berlipdi, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijileriniň düýbi tutuldy.

Aknur GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar