Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçisiniň “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna iş sapary

1 gün öň
4

Ýakyynda Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçisi we Ilçihananyň wekilleri “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna iş saparyny amala aşyrdylar. Saparyň dowamynda myhmanlar zawodyň önümçilik mümkinçilikleri we kuwwaty bilen tanyş boldular. Zawodyň wekilleri tarapyndan häzirki wagtda alnyp barylýan taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada gürrüň berildi. Myhmanlar hususanda, zawodda gurulýan 2 sany gury ýük gämisiniň gurluşyna syn etdiler. Myhmanlar “Balkan” zawodynda ornaşdyrylan häzirki zaman enjamlary we tehniklary aýratyn belläp, alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem çuňlaşdyrmaga taýýardygyny nygtadylar.

Bu saparyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhasynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan bilelikdäki türkmen-koreý maslahaty geçirildi. Maslahata “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri, Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleri «KOMEA» deňiz enjamlaryny öwreniş assosiasiýasynyň ýolbaşçylary, «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» (KSIT) kompaniýanyň wekilleri hem-de gatnaşdylar.

Beýleki habarlar