Ýaşlar ekologik abadançylygyň tarapdary

1 gün öň
26

Golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplar gatnaşdylar. Maslahatyň maksady ýaşlaryň arasynda howanyň üýtgemegi, onuň durmuş-ykdysady ösüşe, daşky gurşawyň durnuklylygyna, biodürlülige edýän täsiri, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga, täsirini gowşatmaga ýardam berýän öňdebaryjy çözgütleri durmuşa geçirmäge degişli umumy çemeleşmeleri kesgitlemekden, bu babatda ýaşlaryň öňe sürýän tekliplerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, bu maslahat şu ýylyň noýabrynda Azerbaýjan Respublikasynda geçiriljek Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň 19-njy bütindünýä maslahatynda (COY19) türkmenistanly ýaşlaryň daşky gurşawy goramak we ekologik meseleler bilen bagly öňe sürjek tekliplerine garamak üçin amatly mümkinçilikdir. Onuň dowamynda ýaşlaryň öňe süren teklipleri BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahatynyň (COP29) çäklerinde kabul ediljek ählumumy resminamalara goşular.

Ogulgerek ABDYKADYROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar