Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi

2 gün öň
8

Aşgabat, 16-njy sentýabr (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde maýa goýum forumynyň hem-de Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda energetika, elektroenergetika, ulag-aragatnaşyk desgalaryny işe girizmek, düýbüni tutmak dabaralarynyň netijeleri boýunça brifing görnüşli halkara amaly maslahat geçirildi. Oňa ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda geçirilen maýa goýum forumynyň giň wekilçilikli düzümi we onuň çäklerinde gazanylan ylalaşyklar hem munuň aýdyň güwäsidir.

Beýleki habarlar