Hä­zir­ki üstünlikler — tä­ze sep­git­le­re ba­dal­ga

2 gün öň
58

Şu ýyl Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň do­gan­lyk döw­let­le­ri Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­ly­gy­ny giň­den bel­le­ýär. Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­da hem bu se­ne baş baý­ram hök­mün­de 31-nji aw­gust­da da­ba­ra­lan­dy­ry­lyp, onuň şa­ny­na dür­li maz­mun­ly çä­re­ler ge­çi­ril­di. Şo­nuň bi­len bir­lik­de, dost­luk­ly ýurt­da üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da hä­zir­ki res­pub­li­ka­nyň ber­ka­rar bol­ma­gy­nyň göz­ba­şyn­da du­ran Ga­ra-Gyr­gyz aw­to­nom we­la­ýa­ty­nyň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň 100, Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň dö­re­dil­me­gi­niň hem 80 ýyl­ly­gy baý­ram edil­ýär. Düýn Gyr­gy­zys­ta­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky il­çi­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan gu­ra­lan bri­fing­de-de şu wa­ka­la­ryň äh­mi­ýe­ti­ne üns çe­kil­di. Oňa kä­bir il­çi­ha­na­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­dyr iş­gär­le­ri, ýur­du­myz­da kow­çum bo­lup ýa­şa­ýan gyr­gyz­la­ryň we­kil­le­ri, žur­na­list­ler gat­naş­dy­lar.

Bri­fin­giň do­wa­myn­da Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Aziz­bek Mad­ma­row çy­kyş edip, öz we­kil­çi­lik ed­ýän ýur­du­nyň soň­ky üç ýyl­da­ky yk­dy­sa­dy ösüş dep­gi­ni, ama­la aşy­ryl­ýan dur­muş-yk­dy­sa­dy, de­mok­ra­tik öz­gert­me­ler, ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň ber­di. Şun­da ga­raş­syz ösüş ýyl­la­ryn­da kä­bir kyn­çy­lyk­la­ryň bo­lan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, hä­zir­ki wagt­da dur­muş-yk­dy­sa­dy ýag­da­ýy go­wu­lan­dyr­ma­gyň ha­sa­by­na Gyr­gy­zys­tan­da sy­ýa­sy dur­nuk­ly­ly­gyň üp­jün edi­len­di­gi, döw­le­tiň ga­ra­ma­gyn­da bol­ma­dyk yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pa­ýy­nyň azal­dy­lyp, ila­tyň zäh­met hak­la­ry­nyň ýo­kar­lan­dy­ry­lan­dy­gy aý­ra­tyn bel­le­nil­di. Dip­lo­ma­tyň aýt­ma­gy­na gö­rä, soň­ky ýyl­lar­da ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de dur­nuk­ly ösüş sak­la­nyp, je­mi içer­ki önü­miň or­ta­ça ösüş dep­gi­ni 7 gö­te­ri­me deň bol­dy we äh­li pu­dak­lar­da ýo­ka­ry ne­ti­je­ler ga­za­nyl­dy. 2023-nji ýyl­da je­mi içer­ki önüm ba­bat­da ta­ry­hy sep­gi­de ýe­til­di. Şon­da onuň möç­be­ri 1 tril­li­on 229 mil­li­on so­ma (tak­my­nan, 14 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry) ba­ra­bar bo­lup, mu­nuň özi ge­çen ýyl­lar­da­ky­dan gör­ne­tin ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­dir. JIÖ-niň jan ba­şy­na düş­ýän möç­be­ri­ni art­dyr­mak, pu­luň hüm­met­siz­len­mek de­re­je­si­ni azalt­mak bo­ýun­ça-da anyk çä­re­ler gö­rül­di. Döw­let ta­ra­pyn­dan edi­len şeý­le ta­gal­la­lar ne­ti­je­sin­de, bu gün­ki gün Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy öz üs­tü­ne alan borç­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge ukyp­ly yg­ty­bar­ly hyz­mat­da­şa öw­rül­di.

Aý­gül RA­HY­MO­WA.
«Türk­me­nis­tan». Surata düşüren Maksat GYLYJOW.
Beýleki habarlar