Türgenlerimiziň üstünligi

6 Sentýabr 2024
31

Golaýda Özbegistan Respublikasynyň Samarkand şäherinde adaty karate boýunça Aziýa-Okeaniýanyň 4-nji sebitleýin çempionaty geçirildi. Bu ýaryşa sport mekdebimizden tälimçilerdir türgenleriň 10-sy gatnaşdy. Türgenlerimiz çempionatda şowly çykyş edip, baýrakly orunlary eýelediler.

Şahsy kata görnüşinden Yhlas Annagurbanow we Damir Allaberdiýew, Çerkez Myratdurdyýew (toparlaýyn) 1-nji orunlara mynasyp boldular. Nurgeldi Annagurbanow we Meýlis Çaryýew 2-nji, Döwlet Berdiýew 3-nji orunlary eýelediler. En-bu görnüşinden Nurgeldi Annagurbanow (toparlaýyn) 1-nji orna mynasyp bolmagy başardy. Kihon tutluşyk görnüşinden Damir Allaberdiýew, Nurgeldi Annanepesow 2-nji orunlary eýelediler. Şahsy tutluşyk görnüşinden Selim Myratberdiýew 3-nji orna mynasyp bolup, türgenlerimiziň Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramyna taýýarlan sowgatlarynyň üstüni ýetirdi.

Rahym AGAÝEW,
Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 1-nji sport mekdebiniň müdiri.
Beýleki habarlar