Sarash serhedinden demir ýol arkaly 1 million tonnadan gowrak ýük daşaldy

5 Sentýabr 2024
46

2024-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda Sarash serhedi arkaly 1 million 50 müň tonna haryt daşaldy. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 30% köpdür. Bu barada “IRNA” ýazýar.

Sarahs demir ýol serhedindäki umumy daşary söwdanyň 600 müň metrik tonna golaýy harytlaryň serhetara görnüşine degişlidir. Bu bolsa degişli döwürden 55% ýokarydyr diýip, Horasan welaýat demir ýolunyň baş müdiri Mostafa Nasiri habar berdi. Şeýle hem, 526 müň metrik tonna serhetara ýükleriň Türkmenistandan eksport edilýän ýüklere degişlidigini aýtdy. Bu Sarahs — Bender-Abbas demir ýol geçelgesinde üstaşyr ýük gatnawynyň 78%-ini emele getirýär.

Beýleki habarlar