Goňşy — goňşynyň köňül nagşy

5 Sentýabr 2024
188

28-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň goňşy Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iş sapary söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmekde örän möhüm taryhy wakadyr. Esasy strategik hyzmatdaşlarymyzyň biri bolan Eýranyň döwlet ýolbaşçylary bilen geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň dowamynda goňşuçylyk gatnaşyklarynyň wajypdygy aýratyn nygtaldy.

Serhetdeş goňşymyz we dostlukly döwletleriň biri Eýran Yslam Respublikasydyr. Türkmenistanyň her daban ýeriniň taryhyň möhüm sahypalaryndan habar berşi ýaly, goňşy toprak hem türkmen taryhy we medeniýeti bilen baglanyşykly köp sanly ýerleri, syýahatçylyk merkezlerini özünde jemleýär.

Ahmet ANNABERDIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar