Sergide — ukrain öwüşginleri

5 Sentýabr 2024
56

29-njy awgustda açylan, dostlukly halkyň milli lybaslaryny, medeniýetini we keşdeçilik sungatyny şöhlelendirýän «Ukraina we ukrainler» ady bilen geçirilýän sergi paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynda uly gyzyklanma döredýär. Sergi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde Ukrainanyň ilçihanasy tarapyndan guralýar.

Türkmen-ukrain gatnaşyklary Garaşsyzlyk ýyllarynda has hem berkedi. Ukrainanyň her ýylyň 26-njy sentýabrynda bellenilip geçilýän Garaşsyzlyk baýramçylygyna bagyşlanan bu sergi bolsa ony has-da baýlaşdyrar. Bu ýerde milli lybaslardaky ukrainleriň baýramçylyk pursatlaryndan we gündelik durmuşyndan gürrüň berýän, XIX asyryň ahyrlaryna XX asyryň başlaryna degişli seýrek duş gelýän suratlar ýerleşdirilipdir. Suratlaryň ählisi «Iwan Gonçaryň muzeýi» halk medeni milli merkeziniň arhiw gorundan alnan. Bu muzeý dostlukly ýurduň medeni mirasyna degişli gymmatlyklary toplamak, saklamak, öwrenmek we ýaýratmak, şeýle hem wagyz etmek bilen meşgullanýan öňdebaryjy medeni-sungat edarasydyr.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar