Täjigistanda täze mekdep — dost-doganlygyň nyşany

5 Sentýabr 2024
40

1-nji sentýabr – Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde uly dabaralar geçirildi. Bu baýramçylyk gününde ähli bilim ojaklary ýaş nesle giňden gujagyny açdy. Şeýle baýramçylyk çäreleriniň biri-de Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Döwlet gurluşyk» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirildi.

Gündogaryň akyldar şahyrynyň adyny göterýän umumybilim berýän orta mekdebiň düýbüni tutmak dabarasy 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary wagtynda geçirilipdi. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary bu durmuş ähmiýetli desganyň gurluşygyna sanly ulgam arkaly ak pata beripdiler.

«Arkadag»
Beýleki habarlar