Sport ýaryşlary geçirildi

3 Sentýabr 2024
258

Sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek ulus-ilimiziň, aýratyn hem ýaşlarymyzyň durmuşyna mäkäm ornaşdy. Biz hem ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýe hereketine höweslendirmek boýunça öňümizde duran wezipelerden ugur alyp, täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli mekdebimizde sport ýaryşlaryny guradyk. Oňa etrabymyzyň sport mekdeplerinde tälim alýan türgenler uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Woleýbol, futbol boýunça toparlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda mekdebimiziň türgenleri has tapawutly çykyş etdiler. Şeýle hem erkin göreş boýunça guralan tutluşyklar ýaş türgenleriň kämilligine we ussatlygyna göz ýetirmäge pursat döretdi. Gyzgalaňly häsiýete eýe bolan ýaryşlar hakyky sport baýramçylygyna öwrüldi. Şeýle ýaryşlary ýylyň tutuş dowamynda geçirmegi meýilleşdirýäris.

Ilaman ÖWEZOW,
Saýat etrabyndaky 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi.
Beýleki habarlar