Dostlukly hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär

2 Sentýabr 2024
62

Häzirki wagtda ýurdumyzda döwletara gatnaşyklaryň, şol sanda goňşy ýurtlar, hususan-da, Owganystan bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Muny 30-njy awgustda paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana sapar bilen gelen Owganystanyň magdan we nebit önümleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji H.Badriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşygynyň geçirilmegi aýdyňlygy bilen görkezýär.

Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Owganystandaky syýasy-ykdysady durnuklylyga, doganlyk halkyň abadançylygyna gyzyklanma bildirýändigini bellemek gerek. Biziň dostluk goldawymyz ýeňillikli esasda elektrik energiýasynyň we suwuklandyrylan gazyň iberilmeginde, goňşy ýurduň çäklerinde durmuş maksatly desgalary gurmakda, hünärmenleri taýýarlamakda ýüze çykýar.

«Nesil».
Beýleki habarlar