Dün­ýä we Mag­tym­gu­ly

29 Awgust 2024
73

Öz­be­gis­tan­da

Şu ýyl dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy giň­den da­ba­ra­lan­dy­ryl­ýan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň tag­ly­ma­ty, gel­je­ge bo­lan ga­ra­ýyş­la­ry di­ňe bir türk­men hal­ky­nyň däl, eý­sem, tu­tuş adam­za­dyň hem ru­hy is­leg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýär. Şo­nuň üçin onuň şa­hy­ra­na mi­ra­sy­nyň äh­mi­ýe­ti mil­li çäk­ler­den çy­kyp, dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­di, adam­za­dyň aň-paý­has ha­zy­na­sy­na my­na­syp go­şant bol­dy. Mag­tym­gu­ly di­ňe bir türk­me­niň däl, äh­li tür­ki halk­la­ryň, şol san­da öz­bek hal­ky­nyň hem iň söý­gü­li şa­hyr­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şo­nuň bi­len bir­lik­de, Öz­be­gis­tan dün­ýä­de Mag­tym­gu­ly­nyň eser­le­ri iň köp çap edil­ýän we okal­ýan ýurt­la­ryň bi­ri hök­mün­de yk­rar edil­ýär. Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň şu ýy­lyň 19-njy few­ra­lyn­da «Be­ýik türk­men şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­ny giň­den bel­läp geç­mek ha­kyn­da» Ka­ra­ra gol çek­me­gi-de dost­luk­ly döw­let­de be­ýik söz us­sa­dy­na go­ýul­ýan uly hor­ma­tyň aý­dyň ýü­ze çyk­ma­sy bol­dy. Şu gün­ler bol­sa Öz­be­gis­ta­nyň Çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­sy­nyň bi­na­syn­da bu şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li türk­men su­rat­keş­le­ri­niň eser­le­ri­niň ser­gi­si do­wam ed­ýär.

Beýleki habarlar