Piri güýçli senet

27 Awgust 2024
118

Daşyndan seredeniňde: «Elli ýaşdan ýa geçendir ýa geçenem däldir» diýdirýän bu ussa ýakynda ýetmiş ýaşy arka atdy. Ýaşan manyly ömrüniň kyrk ýyldan gowragyny piri güýçli senedi ýasamaga — dutar ussaçylygyna bagyş edip, öz döwrüniň «men-men» diýen bagşy-sazandalaryny dutar bilen üpjün etdi. Gelenje, Pürli gurçuk ýaly dutar ussalaryny halypa saýyp, olaryň maslahatlaryna eýerip, meşhurlaryň hataryna goşuldy. Nurmyrat Akmyradow halypalyga ýetişenden soň, öz bilýänlerini sahylyk bilen öwredip, şägirtleri ýetişdirdi. Mary şäherinde ýaşaýan, ýaşy ýaňy segsenden alyp ugran ezber dutar ussasy «Ata kesbi — ogla halal» diýen pähime eýerip, ogly Rüstem bilen bagşy-sazandalar üçin gowudan-gowy dutarlary ýasap, alkyş üstüne alkyş alýar. Şonuň üçin diňe bir welaýatyň merkezinde däl, eýsem, sebitde ökde dutar ussalarynyň biri hökmünde tanalýan Nurmyrat aga bilen ýakynda öz habarçymyz söhbetdeşlik gurady. Şol söhbetdeşligi biz okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

— Nurmyrat aga, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bagşy-sazandalaryň we dutar ussalarynyň mertebesini has-da ýokary galdyrmak babatdaky aladalary bizi guwandyrýar. ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň 2021-nji ýylyň 13 — 18-nji dekabry aralygynda Pariž şäherinde geçirilen 16-njy mejlisiniň dowamynda dutar ýasamak senetçiligini hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny bu sanawa girizmek baradaky çözgüt kabul edildi. Ine, sizem köp ýyllaryň dowamynda şu ugurda zähmet çekýän dutar ussalarynyň biri.

Söhbetdeşligi ýazga geçiren Allaberdi SAPARGELDIÝEW,
öz habarçymyz. SURATDA: dutar ussasy Nurmyrat Akmyradow öz ogly Rüstem bilen iş wagtynda. Surata düşüren Şamyrat Amadow.
Beýleki habarlar