Medal sanawynyň başyny amerikaly türgenler çekýä

26 Iýul 2024
146

Tomusky Olimpiýa oýunlarynda Pariž 2024-e çenli iň köp altyn medal gazanan ýurt ABŞ bolup, amerikaly türgenler 28 Olimpiada gatnaşyp, 1065 altyn medal gazandylar. Amerikanlaryň 835 kümüş, 738 bürünç, jemi 2638 medaly bar. Bu ugurda ozalky SSSR-iň türgenleri 2-nji ýerde bolup, Soýuzyň adyndan wekilçilik eden türgenler 9 Olimpiadada 395 altyn medala eýelik etdiler. Olar 319 kümüş, 296 bürünç, jemi 1010 medal gazandylar. Şu wagta çenli geçirilen ähli Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan 5 ýurduň biri bolan Beýik Britaniýanyň türgenleri (beýlekileri Gresiýa, Şweýsariýa, Awstraliýa, Fransiýa) 285 altyn bilen 3-nji orunda barýarlar. Olaryň 319 kümüş, 314 bürünç, jemi 918 medaly bar. Geçirilen 29 Olimpiadada amerikaly türgenler 18 gezek medal sanawynda 1-nji orny eýelediler. Ozalky Soýuzyň türgenleri 6 gezek medal sanawynda birinji orny eýeläp, bu görkeziji boýunça 2-nji ýerde barýarlar. Irki ýyllarda Fransiýadyr Beýik Britaniýa hem-de Germaniýa 1 gezek medal sanawyny çür depede tamamlapdylar. Hytaýyň, şol sanda Birleşen toparyň topary hem 1 sapar tomusky Olimpiýa oýunlarynyň medal sanawynda ýeňijibolmagy başardy.

Beýleki habarlar