Keşdeçilik sungatymyz — gymmatly baýlygymyz

19 Iýun 2024
532

Ýurdumyzda Ylymlar gününiň uludan toýlanylýan günlerinde türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ähli türkmen gelin-gyzlary bilen birlikde külli ilimizde uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Türkmen keşdeçilik sungaty öz gözbaşyny has gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Keşdedir nagyşlaryň her birinde eli çeper gelin-gyzlaryň ýürek arzuwlary, asylly gylyk-häsiýetleri, edim-gylymlary şöhlelenýär. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen kökleri asyrlara uzap gidýän bu milli senedimizi ösdürmek ugrunda ýola goýulýan işler biziň her birimiziň kalbymyzy egsilmez şatlyga we buýsanja besleýär.

Nowça ANNAMYRADOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar