Ak öýleriň ýaraşygy

14 Iýun 2024
477

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ene-mamalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyzy çuňňur öwrenmäge, giňden wagyz etmäge ähli şertler döredilýär. Türkmen halkynyň milli däp-dessurlarynda sallançak bilen bagly ýörelgeler hem aýratyn orny eýeleýär.

Sallançak bilen baglanyşykly aýdylýan gyzykly gürrüňler biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Sallançak, esasan, ak öýleriň töründe iki sany sözen agajy dikilip gurlupdyr. Sözen agajyny dikenlerinden soň, «iner diş» diýlip işilýän ýogyn alaja ýüpi iki agaja berk daňypdyrlar. Goýnuň ak bilen gara ýüňünden taýýarlanýan ol ýüpi çagajygyň babasy işipdir. Oňa «iner diş» diýilmegi körpäni gözden-dilden goramak ynanjy, şeýle hem «Iner ýaly ogul bolsun!» diýen ýagşy niýet bilen baglanyşyklydyr. Sallançak kilimini bolsa çagajygyň mamasy dokap, ony agtygyna sowgat hökmünde beripdir. «Gyz bäbejigiň eli çeper, eli işli bolsun!» diýen ýagşy niýet bilen bu kilime gülýaýdy nagşy salnypdyr. Sallançagyň üwrelýän ýüpüniň düýäniň ýüňi garylan alaja bolmagy hem gözden-dilden goramak ynanjy bilen baglanyşyklydyr. Sallançagyň iki ýan çetini saklap duran agajy dagdan agajyndan edipdirler. Dagdan köpýyllyk agaç bolup, ata-babalarymyz «Dagdanly taýmaz, taýsa-da gaýmaz» diýipdirler.

Gözel BAÝNEPESOWA,
Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň hünärmeni.
Beýleki habarlar