Durmuşyň sogaply sepgidi

13 Iýun 2024
685

Dünýä halklarynyň köpüsiniň belleýän Gurban baýramy ýene Zeminiň uly bölegini toýhana öwrer. Halkymyzda «Köpüň dilegi köl bolar» diýlişi ýaly, Gurban baýramynda töwerek-daşa, adamzat ähline diňe gowulyklaryň ýaran bolmagy arzuw edilýär. Dünýäniň çar künjünde sadakalar berlip, birek-biregiň boldan bezelen saçagynyň başynda töwir galdyrylyp edilýän iň ýagşy dilegleriň Zemine parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk, rysgal-bereket bolup doljakdygyna ynanylýar.

Gurban baýramynyň umumy dessurlar arkaly halklary birleşdirişi, birek-birege ýakyn edişi-de üýtgeşik. Gurbanlygyň öň ýanynda içerini, goş-golamlary tämizlemek, baýramyň ilkinji gününde säher bilen gurban şor edip, täze lybas geýmek hem gurbanlyk edýän halklaryň köpüsi üçin umumy dessur. Munuň özi Gurban baýramynyň tämizligiň baýramydygyny görkezýär. Biz içerimizi, töwerek-daşymyzy arassa saklamak bilen, birek-birege, gapydan gelene, galyberse-de, öz-özümize kalbymyzy diňe tämiz saklamalydygymyzy ýatladýarys. Gelen myhmanyň kalbyna bolsa: «Sizi arassa ýürek bilen, iň ýagşy niýetler bilen kabul edýäris» diýen duýgyny guýýarys.

Güljan ÝAGŞYMYRADOWA,
Tagtabazar etrabynyň ýaşaýjysy.
Beýleki habarlar