Dost-doganlygyň aýdyň beýany

28 Aprel 2024
582

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň maddy we ruhy gymmatlyklary ösüşler üçin egsilmez çeşmedir. Hut şonuň üçin halkymyzyň asyrlar aşyp kämilleşen milli medeniýeti, dili, edebiýaty, sungaty, taryhy we gadymy mirasy ylmy esasda öwrenilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen milli gymmatlyklarymyz dünýä ýaýylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda nusgawy edebiýatymyzy dünýä ýaýmak we ýaş nesillere öwretmek asylly ýörelgeleriň biridir. Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar bilen bir hatarda, milli ruhda terbiýelemek ýaly asylly ýörelgelerimiz hem öz miwesini berýär.

Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär.

Gülsoltan ANNAGULYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti». Aşgabat — Astrahan — Aşgabat.
Beýleki habarlar