Hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär

28 Aprel 2024
404

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuny giňden belleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary netijesinde beýik söz ussadymyzyň edebi mirasyny düýpli öwrenmek we giň gerimde dünýä ýaýmak ýaly asylly işler üstünlikli alnyp barylýar. Beýik akyldary dünýä tanatmak maksadyna eýerip, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen dünýäniň çar künjegine alymlarymyz, medeniýet we sungat işgärlerimiz gulluk saparlaryna gidip, ol ýerlerde dürli görnüşli çärelerdir duşuşyklar guraýarlar. Bize hem ýurdumyza wekilçilik edýän toparyň düzüminde Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde iş saparynda bolmak we beýik Pyragy hakynda çykyş etmek miýesser etdi.

2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň we Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi. Iki döwletiň ylmy edaralarynyň birnäçesiniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu döwletli maslahat özüniň işjeňligi we netijeliligi bilen tapawutlandy.

Berdi SAPARMYRADOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar