Asmandan inen ykbal

24 Aprel 2024
681

...Gadymyýetde edenli hasaplanylýan her bir türkmeniň gapysynda bedew atynyň bolandygy hakynda edebiýatlardan köp okapdym. Hakydamyza ýazylanlar bolsa, muny tassyk edýärdi. «Älem içre at gezer» romanymdaky Mämiş seýisli, «Döwlet guşundaky» Aba seýisli wakalar hem eşiden gürrüňlerimden ýadymda galanlary. Mämiş seýis atyny başga adama ynanmandyr, aýlawlarda hem ony özi çapypdyr. Onuň atyna arpany irigöz elekden, ýele sowrup, eläp berendigini, arpanyň sagdyn hem dok dänelerini saýlandygyny eşidipdim. Neberämizde Nepesaly serdaryň, Pyhy baýyň, Gök baýyň hem bedewlere sarpaly bolandyklary, gapylarynda iş atlary bilen birlikde, seýislenýän bedewleriniňem bolandygy baradaky il arasyndaky gürrüňleri belleşdiripdim, milli sungatymyz hakynda söz açanymda, şolar ýadyma düşýär.

Halypa mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýew Tejen derýasynyň etegindäki obalaryň birine işlemäge iberilende, Aba Annaýew hem onuň ýanynda bolan. Atam Berdimuhamet Annaýewiň oňa: «Sen at boýunça akademik» diýýändigi durmuşyň hakyky wakalaryndan alnan. Aba Annaýew «atyň üstünde ulalan adam» diýilýänlerden bolupdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabyndan.
Beýleki habarlar